• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym boýunça beýannama
Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamak we tölemek maksady bilen awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym boýunça beýannama bellenilýär – şu Usuly görkezmelere № 42 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 210-njy maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  • beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;
  • beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 211-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;
  • beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 212-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.