• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli edilen şahsy adamlardan - hususy telekeçilerden alynýan girdeji salgydy boýunça beýannama (goşmaça patent tölegi)
salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli edilen şahsy adamlardan – hususy telekeçilerden alynýan girdeji salgydy boýunça beýannama (goşmaça patent tölegi) - şu Usuly görkezmelere № 28 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynda görkezilen şahsy taraplar şu salgyt beýannamasyny berýärler;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  • beýannamanyň 11-nji we 31-34-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;
  • beýannamanyň 13-16-njy setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 17-18-nji setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 19-njy setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar – 13-nji setir goşmak 17-nji setir aýyrmak 18-nji setir;
  • beýannamanyň 21-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 27-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 189-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 28-nji setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar – 19-njy setir aýyrmak 27-nji setir;