• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

oýunly işlerden alynýan girdejiler üçin salgyt boýunça beýannama
oýunly işlerden alynýan girdejiler üçin salgyt boýunça beýannama - şu Usuly görkezmelere № 21 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 147-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 176-njy maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  • beýannamanyň 15-nji, 30-33-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  • 19-njy setirden 23-nji setire çenli 4-nji sütün boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 172-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 19-njy setirden 23-nji setire çenli 5-nji sütün boýunça görkezijiler 2-nji, 3-nji we 4-nji sütünler boýunça görkezijileri köpeltmek arkaly kesgitlenýär;