• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym boýunça beýannama
Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy hasaplamak we tölemek maksady üçin aşakdakylar bellenilýär: şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym boýunça beýannama – şu Usuly görkezmelere № 39 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • salgyt beýannamasy «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 209-njy maddasynda görkezilen taraplar tarapyndan berilýär;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda görkezilýär;
  • beýannamanyň 15-nji we 29-32-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  • beýannamanyň 18-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  • beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;