• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

hususy telekeçiler üçin goşulan baha üçin salgyt boýunça beýannanama
Hususy telekeçiler üçin goşulan baha üçin salgyt boýunça beýannanama - şu Usuly görkezmelere № 2 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 95-nji maddasynda görkezilen hususy telekeçi bolup durýan salgyt töleýjiler – şahsy taraplar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 111-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  • beýannamanyň 8-nji, 12-17-nji (5-nji sütün boýunça), 28-30-njy, 32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  • 12-nji we 13-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 100-nji we 101-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 14-nji we 15-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 102-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 20-25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 110-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;