• Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Sorag-jogap üçin: 39-46-10; 26.

  • Tehniki soraglar üçin:  39-45-51; 57.

  • Goşmaça soraglar üçin: 39-43-34.

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt boýunça beýannama
3. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy hasaplamak we tölemek maksady üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt boýunça beýannama bellenilýär – şu Usuly görkezmelere № 15 goşundy. Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
  • «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 129-njy maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 137-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  • beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  • beýannamanyň 15-nji, 36-39-njy setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  • 2-nji we 3-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 2-nji we 3-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 131-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 4-nji we 5-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 4-nji we 5-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 132-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 18.1-nji we 18.2-nji setirleriň 7-nji sütüni boýunça salgyt möçberleri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 133-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  • 26-njy setir boýunça görkezijiler 25.1-nji setirden 25.9-njy setir aralygyndaky setirleriň her bir sütüni boýunça görkezijileriň möçberi hökmünde kesgitlenýär;
  • 30-njy setir boýunça görkeziji 29-njy setiriň 2-nji sütüninden 8-nji sütüni aralygy boýunça görkezijileri goşmak arkaly kesgitlenýär;